5 müň orunlyk täze binalar toplumy döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylar

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän öň­de­ba­ry jy en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len döw­re­bap bi­lim eda­ra­la­ry­nyň bi­na­la­ry­ny gur­mak, bi­lim ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek we onuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny has-da ber­kit­mek, iş­le­ri­ni do­wam et­dir­mek mak­sa­dy bi­len Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň täze binalar toplumyny gurmak meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda orta we ýokary okuw mekdepleri diňe bir ösen ýaşlary taýýarlamak üçin hem-de talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw merkezlerinde döwrebap bilimli, ähli ugurlarda sazlaşykly ýaşlary terbiýelemek  bilen çäklenmän, halkymyzyň aň-bilim kuwwatyny doly açmak, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ygtybarly binýady bolup durýar.

2023-2024-nji okuw ýylynyň 1-nji sentýabrynda Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Gö­rog­ly kö­çe­si­niň ug­run­da bina ediljek Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň 5 müň orun­lyk täze bi­na­lar top­lu­my­nyň tas­la­ma­sy­ny düz­mek hem-de ony döw­re­bap en­jam­lar bi­len üp­jün etmek meýilleşdirilýär.

Bilim ministrligine ýurdumyzda hereket edýän «Aja­ýyp-gur­lu­şyk» hu­su­sy kär­ha­na­syna täze bina ediljek ins­ti­tu­tyň bi­na­lar top­lu­my üçin elekt­rik, ara­gat­na­şyk, gaz, suw üp­jün­çi­li­gi­niň we la­gy­myň meý­dan­ça­dan da­şar­ky el­ti­ji in­že­ner ul­gam­la­ry­nyň hem-de des­ga­la­ry­nyň dur­ku­ny tä­ze­le­mek ýa-da tä­ze­le­ri­ni gur­mak, ola­ry umu­my­şä­her ul­ga­my­na bi­rik­dir­mek iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin şertnama bag­laş­ma­ga yg­ty­ýar be­ril­di.

2023-2024-nji okuw ýylynyň 1-nji sentýabrynda ins­ti­tu­tyň täze bi­na­lar top­lu­my­nyň düýbi tutuldy. 2026-njy ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da ulan­ma­ga do­ly taý­ýar edip tab­şyr­mak bel­le­nil­di.

Yslam TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň inžiner mehanika
fakultetiniň dekany.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok