Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzdaky hereket edýän desgalara ýokary tehnologiýaly enjamlaryň ornaşdyrylmagy bilen öndürilýän önümleriň möçberi artýar. Bu bolsa ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ösüşiň artmagyna ýol açýar.
Ykdysadyýetimiziň elektroenergetika pudagy hem öňdebaryjy we iri pudaklarynyň biridir. Bu pudagyň ösmegi ýurdumyzdaky ähli pudaklaryň ösmegine mümkinçilik döredýär. Häzirki wagtda biziň durmuşumyzy elektrik energiýasyz göz öňüne getirmek kyn. Şol sebäpli ýurdumyzda elektroenergetika pudagynyň ösdürilmegine uly üns berilip, täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar we durky täzelenýär.
Ýurdumyz elektroenergiýa önümçiligi boýunça dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna girýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli ýerlerinde ösen tehnologiýaly täze elektrik stansiýalarynyň köpüsi gurlup, ulanylmaga berildi. Olaryň arasynda türkmen energetikasynyň öňbaşçysy bolan Mary DES-ini mysal getirmek bolar. Marynyň döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde utgaşykly dolanyşykda işleýän kuwwaty 1574 megawata deň bolan täze elektrik stansiýasy hem uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda jemi taslama kuwwaty 6721,6 megawata deň bolan 12 sany elektrik bekedi hereket edýär. Bu desgalarda 36 gaz we 12 bug turbinalary işleýär.
Marynyň döwlet elektrik stansiýasy diňe bir sebitde iri elektrik stansiýasy bolmak bilen çäklenmän, onuň ekologik taýdan we senagat ähmiýetini, ykdysady ähmiýeti bilen tapawutlanýandygyny hem aýtmak bolar. Bu elektrik stansiýa innowasion, ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, onuň işe girizilmegi elektrik energiýa senagatynyň ösmegine, halkymyzyň energiýa mümkinçiligini has hem artdyrdy.
Garaşsyz döwletimiziň elektroenergetika pudagynyň ösmegi, daşary ýurtlara eksport edilmegi, ilatymyzyň elektroenergiýa mümkinçilikleriniň gowulanmagy ykdysadyýetiň ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Batyr ŞYHYÝEW,
HNGU-niň Energetika we inženerçilik
desgalary fakultetiniň SDTTEHA
hünäriniň V ýyl talyby.
Teswirler