Suw barada aýdylanlardan…

Ýer-suw planetasydyr, çünki ýerde ýaşaýşyň hilini suwuň hili kesgitleýär. Gowy suw bolsa, ýaşaýyş hem gowy bolýar. Erbet suw bolsa, ýaşaýyş hem erbetleşýär. Suw ýok bolsa, ýaşaýyş hem bolmaýar.
(Piter Bleýk)

Suw gowşak hem mylaýym bolsa-da has gaty zatlary dargadyp bilýändir. (Lao-Szy)

Biz suwuň gymmatyna haçan-da guýular guran mahaly düşünip ýetýäris. (Bendžamin Franklin)

Suwuň damjasy almazdan gymmatlydyr.
(Dmitriý Mendeleýew)

Müňlerçe adam söýgüsiz oňup bilerler, emma hiç kim suwsuz oňup bilmeýär.
(Uisten Hýu Oden)

Suw-tutuş tebigatyň bezegidir. Suw janlydyr, ol şemalyň täsirinde tolkun atyp, herekete gelýär we töweregindäki ähli zatlary hereketlendirip bilýär. (Sergeý Aksakow)

Suw- paýhasly ynsanyň ýeke-täk içgisidir.
(Genri Dewid Toro)

Suw biziň planetamyzyň taryhynda aýratyn ähmiýete eýedir. Esasy ägirt uly geologik hadysalaryň gidişinde täsiri boýunça onuň bilen taý geljek başga hiç bir tebigy jisim ýok.
(Wladimir Iwanowiç Wernadskiý)

Bir owurt suw jennetiň gapysyny açýar.
(Norweg nakyly)

Dagda suw süýjüdir, jülgede güller owadan.
(Hytaý nakyly)

Suw-ýaşaýyş çeşmesidir. Çünki ene göwresinde mahaly bizi dokuz aýlap suw gurşap durýar .
(Paulo Koelo)


Toplan:
Şanazar MUHAMMETOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agroekologiýa hünäriniň
I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok