Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyzda energetika we senagat, nebit-gaz, himiýa, dokma senagaty hem-de halyçylyk, gurluşyk hem gurluşyk serişdeleri, binagärlik, ulag, aragatnaşyk, kommunikasiýa, oba hojalygy, gaýtadan işleýän we azyk senagaty, saglygy goraýyş we derman senagaty, bilim, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlar boýunça oňyn netijeler gazanylýar.
Bu ulgamlaryň ählisiniň ösüş depgini gazanylýan netijelerde öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynda halkara maýa goýum we milli taslamalaryň ösüş depgini alnyp barylýan işleriň durmuşa geçirilişiniň netijelerini aýdyň görkezýär. Uglewodorod serişdelerini gazyp almak we gaýtadan işlemek boýunça häzirki zaman enjamlar üpjün edilip, olaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça taslamalaýyn işläp taýýarlamalar işlenip düzülýär.
Ösdürilmegi möhüm hasaplanýan himiýa pudagy hem halk hojalygynyň zerurlyklaryny üpjün etmek üçin mineral dökünleriň, nebit önümlerinden dürli önümleriň, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi himiýa senagatynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilýär. Hormatly Arkadagly Serdarymyz himiýa senagatynyň kuwwatyny artdyrmak meselelerine aýratyn üns berýär. Bu bolsa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň degişli Maksatnamasynda öz beýanyny tapýar. Şeýle-de elektroenergetika pudagy güýçli depginler bilen ösdürilýär, onuň kuwwatlyklary elektrik energiýasyna bolan içerki islegleri doly kanagatlandyrmak bilen birlikde, ony goňşy döwletlere ibermäge-de mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzda iri halkara we sebit derejesindäki deňiz, awtomobil, demir ýol we howa merkezlerine çykmak arkaly gatnawlaryň utgaşdyrylan ulgamy üstünlikli döredilýär. Innowasiýalary we häzirki zaman tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak arkaly gurluşyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmagyň wajypdygy esasy üns merkezinde saklanylýar, “akylly” şäher we “akylly” öý, şeýle-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda tehnologik işläp taýýarlamalaryň kömegi bilen taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär.
Türkmenistanda azyk howpsuzlygyny has-da pugtalandyrmak, içerki bazary halkyň sarp edýän harytlary bilen doldurmak boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmegine örän möhüm ähmiýet berilýär.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeleri üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz ähli pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda sanly ulgamyň, maglumat tehnologiýalarynyň aýratyn ähmiýete eýedigini yzygiderli nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetiň ulgamlaryny sanlylaşdyrmak ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy bolsa döwlet edaralarynyň işjeňligini ýokarlandyrmaga, olaryň raýatlar üçin elýeterli bolmagyna, pudaklaryň ösüşini üpjün etmäge doly derejede mümkinçilik berýär.
Azamat AZADOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby
Teswirler