2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde «EXPO-2023» halkara sergisi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna “EKSPO-2023” halkara sergisindäki Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip bermek hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada “Söwda öýi” kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.
Karara laýyklykda Kataryň Doha şäherinde geçiriljek “EKSPO-2023” halkara sergisine gatnaşmak üçin “Söwda öýi” kärhanasy Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurar.
Bu bolsa Türkmenistanyň köpugurly halkara gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, daşky gurşawy goramak babatda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli işleri dünýä ýaýmaga giňden ýardam berer.
Umyt AŞYROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler