Durnukly ösüş maksatlary boýunça syýasy forum Nýu-Ýorkda öz işine başlady

Ýaňy ýakynda durnukly ösüş maksatlary boýunça syýasy forum Nýu-Ýorkda öz işine başlady.

Forum durnukly ösüş maksatlarynyň ugurlary we olaryň ýerine ýetirilişi barada pikir alyşmagy, täzeçil çözgütleri emele getirmegi maksat edinýär.

Belläp geçsek, durnukly ösüş maksatlary (DÖM) dünýäni durnuklylaşdyrmaklygy, döwletleriň ykdysady, sosial we ekologik taýdan düýpli ösmegini maksat edinýän 17 sany esasy ugurdan ybaratdyr. 2030-njy ýyla çenli her bir ýurt öz çäginde bu maksatlara ýetmeklik we dünýäde ösüşi gazanmaklyk üçin işleri alyp barýar.

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok