Türkiýede Däde Gorkut hekaýalar kitabynyň Bursa golýazmasynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy

Türkiýäniň Bursa şäherinde türkmen halkynyň we türki dünýäsiniň iň gadymy edebi mirasy bolan Däde Gorkut hekaýalary kitabynyň Bursa golýazmasynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Bursa şäher häkimliginde geçirilen bu dabarada Däde Gorkut hekaýalary kitabynyň gadymy Bursa golýazmasy barada türkiýeli professor, dil-edebiýat ylymlarynyň doktory Osman Fikri Sertkaýa maglumat berdi.

Türkiýeli professor, dil-edebiýat ylymlarynyň doktory Ferruh Agja bolsa, Däde Gorkut hekaýalary kitabynyň asyl nusgadaky gadymy Bursa golýazmasy babatda geçiren ylmy-derňew işleriniň netijeleri barada gürrüň berdi.

Bursa şäheriniň häkimi Alinur Aktaşyň gurnamagynda geçirilen Däde Gorkut hekaýalary kitabynyň gadymy Bursa golýazmasynyň tanyşdyrylyş dabarasyna  professor, dil-edebiýat ylymlarynyň doktory Haluk Şükrü Akalyn, ýazyjy Beşir Aýwazogly, Uludag uniwersitetiniň rektory, professor, dil-edebiýat ylymlarynyň doktory Feridun Ýylmaz, Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň başlygy, ýazyjy Ýakup Ömerogly, ýazyjy Serdar Ajar we başga-da köpsanly adamlar gatnaşdy.

                                                 Toýly JÄNÄDOW,
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy. 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok