Ikitaraplaýyn dostlukly hyzmatdaşlygyň nyşany bolan sowgat

2023-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza  Yslam Ösüş bankynyň Prezidenti Ahmed Mohammad Ali Al Madani tarapyndan sowgat berlen “Yslam Ösüş Banky we Doktor Ahmad Mohammad Ali. Institutyň taryhy we onuň Prezidentiniň ýoly” atly kitabyň tanyşdyryş dabarasy  geçirildi. Kitabyň tanyşdyryş dabarasyna bolsa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy, «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory, mugallymlary we talyplary, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, mugallymlary we talyplary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, mugallymlary we talyplary, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory, mugallymlary we talyplary, Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory, mugallymlary we talyplary, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Dabaranyň öň ýanynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky, «Türkmengaz» döwlet konserni, «Türkmendemirýollary» agentligi, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Türkmen döwlet maliýe instituty gatnaşmagynda maslahatyň çäginde gurnalan Türkmenistan bilen Yslam Ösüş Bankynyň bilelikdäki taslamalaryna we hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi serginiň işine tomaşa etdiler.

Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň Yslam ösüş bankynyň agzasy bolan gününden şu güne çenli bilelikdäki taslamalar, olaryň sebit derejesindäki ähmiýeti, ulag-üstaşyr geçelgelerini gurmakda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm orny we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlarynyň Türkmenistanyň ykdysady durmuşyndaky ähmiýeti barada aýratyn durup geçdiler.

Dilnoza MUHADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok