4-nji iýulda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisi geçirildi. Sammit onlaýn ýagdaýda, Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modiniň ýolbaşçylygynda geçdi. Mejlise ŞHG-a agza döwletler hökmünde Russiýa, Hindistan, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Päkistan, Täjigistan we Özbegistan gatnaşdylar.
Belarus Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy we Mongoliýa synçy döwletler hökmünde, Türkmenistan başlygyň hormatly myhmany hökmünde mejlise çagyryldy.
Şeýle hem mejlise BMG, АСЕАН, GDA, CSTO, EAEU we CICA ýaly halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.
Sammitiň mowzugy “HOWPSUZ ŞHG-a tarap” – “Towards a SECURE SCO”. SECURE gysgaltmasy howpsuzlyk, ykdysadyýet, baglanyşyk, agzybirlik, hormat, ekologiýa diýen manyny aňladýar.
Mejlisde sebit we halkara ähmiýetli meseleler boýunça pikir alyşyldy, köptaraplaýyn we özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-de giňeltmek işleri barada teklipler bildirildi. Şeýle-de, sebitiň howpsuzlygyny, ykdysady ösüşi, medeni we ynsanperwer alyş-çalyşygy üpjün etmek bilen bagly möhüm kararlary kabul etdiler we ara alyp maslahatlaşdylar.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy dünýädäki iň uly sebit guramalarynyň biridir. 1996-njy ýylyň 26-njy aprelinde Şanhaýda bäş döwletiň (Russiýa, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Täjigistan) arasynda Şanhaý Pakty ady bilen birinji duşuşygy geçirildi. Duşuşykda ylalaşyga gol çekilmegi bilen Şanhaý bäşligi guruldy.
2001-nji ýylda guramanyň agzalygyna Özbegistan Respublikasy hem kabul edildi we guramaň ady Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ady bilen üýtgedildi. 2017-nji ýylda bolsa Hindistan we Päkistan hem gurama agza boldy.
2022-nji ýylyň 15-16-njy sentýabr günleri Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen ŞHG-nyň mejlisinde Eýran Yslam Respublikasynyň ŞHG-a agza döwlet derejesini almak üçin öňde durýan wezipeleri dogrusyndaky memoranduma gol çekilipdi. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) Deli şäherinde geçirilen 23-nji sammitinde bolsa Eýran Yslam Respublikasynyň bu gurama agzalyga kabul edilendigini resmi ýagdaýda yglan etdi. Eýran Yslam Respublikasy guramanyň dokuzynjy agzasy boldy.
Belläp geçsek, Hindistan ŞHG-nyň başlyklygyny 2022-nji ýylda geçirilen Samarkant sammitinde kabul edipdi.
Mejlisiň ahyrynda ŞHG-a agza döwletleriň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi. Şularyň hatarynda:
- ŞHG-a agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň Nýu-Deli deklarasiýasy;
- 2030-njy ýyla çenli ŞHG sebitinde ykdysady ösüş strategiýasyny tassyklamak dogrusyndaky karar;
- Eýran Yslam Respublikasynyň ŞHG-niň agzalygyna kabul etmek we oňa ŞHG-a agza döwlet derejesini bermek dogrusyndaky karar;
- Belarus Respublikasynyň ŞHG-a agza döwlet derejesini almak üçin öňde durýan wezipeleri dogrusyndaky memoranduma gol çekmek baradaky karar.
Mundan başga-da, ykdysady hyzmatdaşlyk we sanly transformasiýany has-da ösdürmek, sebit howpsuzlugyny üpjün etmek we medeni-gumanitar gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen 10 sany resminama kabul edildi.
ŞHG-nyň nobatdaky mejlisine ýolbaşçylyk etmek Gazagystan Respublikasyna berildi.
Aziza HUDAÝNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler