OGT-2023 atly XVIII halkara forumy 25-27-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçiriler. Bu barada “Turkmen Forum” hojalyk jemgyýeti habar berýär.
OGT-2023 atly XVIII halkara forumynyň we serginiň esasy maksady energiýa pudagy boýunça mundan beýläk-de durnukly ösüş boýunça sebitleýin gepleşikleri güýçlendirmek, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybarat bolup durýar.
Şeýle hem maslahatyň çäginde Türkmenistanyň nebitgaz, bank, himiýa we energetika pudaklary boýunça duşuşyklar gurnalar.
Yslam TYLLANUROW,
Türkmen Döwlet binägärlik-gurluşyk institutynyň
mugallymy.
Teswirler