«Oguz hanyň zehinli nesilleri» integrirlenen olimpiadanyň jemleýji tapgyry

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda tebigy we takyk ylymlara degişli dersleri, şeýle-de daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa ornaşdyrmak, ýaş nesilleri ylmy we taslama işlerini ýerine ýetirmeklige höweslendirmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu babatda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly altyn gaznany döretmek maksady bilen alnyp barylýan işler bellenilmäge mynasypdyr.

Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň bilimlerini artdyrmak, olary ylmy we taslama işlerine çekmek, şeýle hem innowasiýalary döretmeklerine we dünýägaraýyşlaryny giňeltmeklerine ýardam bermek maksady bilen, 9-10-11-nji synp mekdep okuwçylarynyň arasynda Matematika, Fizika, Himiýa, Biologiýa we Iňlis dili dersleri boýunça “Oguz hanyň zehinli nesilleri” ady bilen integrirlenen olimpiada geçirildi. Olimpiada etrap, welaýat we Aşgabat şäheri hem-de döwlet derejesinde 3 tapgyrda bolup, onuň jemleýji tapgyry uniwersitetde 10 günlük “Tomusky dynç alyş okuwy” görnüşinde geçirildi. Integrirlenen olimpiadanyň jemleýji tapgyryna ýurdumyz boýunça jemi 120 mekdep okuwçysy gatnaşdy. Tomusky dynç alyş okuwynyň çäklerinde mekdep okuwçylary gündelik tertibe laýyklykda uniwersitetiň tejribeli mugallymlarynyň alyp barmagynda dürli dersler boýunça häzirkizaman ylym-biliminiň derwaýys ugurlaryna bagyşlanan goşmaça okuwlara gatnaşdylar.

Mundan başga-da uniwersitetiň ylmy-önümçilik merkezlerinde alnyp barylýan ylmy-barlag we taslama işleriniň netijeleri bilen tanyşdylar. Talyp ýaşlaryň we mekdep okuwçylaryň bilelikde geçiriren aýdym-sazly dabaraly çäreleri, döredijilik agşamlary mekdep okuwçylarynda aýratyn täsir galdyrdy. Dürli daşary ýurt dillerinde ýerine ýetirilen aýdymlar mekdep okuwçylarynyň dil bilimi boýunça başarnyklarynyň ýokarydygyny ýüze çykardy. Paýtagtymyzyň gözel ýerlerine, taryhy ýadygärliklere gurnalan gezelençler mekdep okuwçylarynda ýatdan çykmajak duýgulary döretdi. Tomusky dynç alyş okuwynyň soňky günlerinde integrirlenen olimpiadanyň jemleýji tapgyry geçirildi.

Jemleýji tapgyra gatnaşan okuwçylar Fizika, Matematika, Himiýa, Biologiýa we Iňlis dili dersleri boýunça ýumuşlary ýerine ýetirdiler. Olimpiadanyň netijeleri boýunça 9-10-11-nji synp okuwçylarynyň arasyndan iň ökdeleri öňe saýlanyp, degişlilikde 1-2-3-nji orunlara we höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan mekdep okuwçylaryna uniwersitet tarapyndan hormat hatlary, medallar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Mekdep okuwçylary integrirlenen olimpiadanyň özlerinde ýatdan çykmajak pursatlary döredendigini, dürli welaýatlardan gelen deň-duşlary bilen ýakyndan dostlaşandyklaryny, dünýägaraýyşlarynyň has-da giňändiklerini buýsanç bilen bellediler. Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek geçirilýän köpçülikleýin görnüşdäki, tebigy we takyk ugurly dersleri we iňlis dilini özünde jemleýän şeýle häsiýetdäki olimpiada gatnaşyjylaryň isleginiň we hyjuwynyň  örän ýokary bolmagy onuň jemleýji tapgyrynyň gyzgalaňly we çekeleşikli ýagdaýda geçendigini, zehinlileriň arasyndan has ökdelerini ýüze çykarmaga mümkinçilik döredendigini görkezdi.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan gurnalan “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly integrirlenen olimpiadasynyň jemleýji tapgyrynda üstünlikli çykyş edendikleri üçin aşakda ady görkezilen mekdep okuwçylary sylaglanýar:

IX synp

Familiýasy Ady Atasynyň adyWelaýatyEtrabyMekdebiOrny
1Gumanaýew Garly MagtymgulyýewiçAşgabat şäheri Aşgabat şäherindäki S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirlen umumybilim berýän mekdep-internadyI
2Döwletow Diýar AllaberdiýewiçAşgabat şäheri Aşgabat şäherindäki S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirlen umumybilim berýän mekdep-internadyII
3Hudaýberenow Hudaýguly Güýçgeldi oglyAşgabat şäheri Aşgabat şäherindäki S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirlen umumybilim berýän mekdep-internadyIII
4Niýazmetowa Bahar Ruslan gyzyDaşoguzDaşoguz26-njy orta mekdepIII
5Batyrowa Aýlar BatyrownaAhalSarahs15-nji orta mekdepIII
6Kakajanow Gurbangeldi Kakajan oglyLebapKerki37-nji orta mekdepIII

X (6 ýaş) synp

Familiýasy Ady Atasynyň adyWelaýatyEtrabyMekdebiOrny
1Annageldiýew Ilýas Annageldi oglyMarySakarçäge43-nji orta mekdepI
2Atajanowa Aýgül RöwşenownaAşgabat Aşgabat şäherindäki S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirlen umumybilim berýän mekdep-internadyII
3Söýünow Welnazar Akmyrat oglyLebapTürkmenabat41-nji orta mekdepIII
4Azadow Gaýrat AzadowiçAhalAk bugdaý46-njy orta mekdepIII
5Täşliýew Annamämmet AşyrmmämedowiçBalkanBalkanabat şäher22-nji orta mekdepIII
6Mansurowa Şahla MansurownaDaşoguzDaşoguz26-njy orta mekdepIII
7Işanow Didar MaksadowiçDaşoguzDaşoguz26-njy orta mekdepIII
8Koçkarow Süleýman AlişerowiçDaşoguzDaşoguz24-nji orta mekdepIII

X (7 ýaş) synp

Familiýasy Ady Atasynyň adyWelaýatyEtrabyMekdebiOrny
1Mätkulow Şatlyk SerdarowiçLebapTürkmenabat28-nji orta mekdepI
2Kakabaýew Orazmuhammet BegenjowiçMaryMary şäher1-nji orta mekdepII
3Taýlyýew Myrat ÇörliýewiçDaşoguzDaşoguz7-nji orta mekdepII
4Kadyrow Ahat SerdarowiçMaryMary şäher14-nji orta mekdepIII
5Gündogdyýewa Mährijemal SerdarownaAşgabat Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyIII
6Çaryýewa Gunça AzadownaAşgabatBerkararlyk86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepIII
7Wolosnikow Nikita AnatolýewiçAhalGökdepe23-nji orta mekdepIII
8Abdrimow Aziz RuslanowiçDaşoguzDaşoguz7-nji orta mekdepIII
9Ezizow Begli EzizowiçLebapTürkmenabat41-nji orta mekdepIII
10Döwletowa OgulgözelMarySakarçäge32-nji orta mekdepIII

XI synp

Familiýasy Ady Atasynyň adyWelaýatyEtrabyMekdebiOrny
1Jumaýew Yhlas ZeliliýewiçAşgabat Aşgabat şäherindäki S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirlen umumybilim berýän mekdep-internadyI
2Jumaniýazow Jasurbek Mansur oglyDaşoguzDaşoguz26-njy orta mekdepII
3Babanazarow Resul ŞirmädowiçAşgabat 89-njy orta mekdepIII
4Gezerow Dawut MerdanowiçMaryMary şäherMary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän welaýat mekdebiIII
5Rozyýewa Enegül SerdarownaLebapTürkmenabat28-nji orta mekdepIII
6Mamanowa Güljahan GurbanberdiýewnaAşgabatBerkararlyk86-njy ýöriteleşdirlen orta mekdepIII
7Gurbannazarow Ýunus GurbannazarowiçAşgabatBerkararlyk86-njy ýöriteleşdirlen orta mekdepIII

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok