Aşgabadyň günorta tarapynda «AŞGABAT» diýen ýazgy peýda bolar!

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda «AŞGABAT» diýen ýazgyny gurnamak we degişli abadanlaşdyryş işlerini ýerine ýetirmek boýunça bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 4-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok