Türkmen telekeçileri Growtech 2023 halkara sergisine gatnaşar

2023-nji ýylyň 22-25-nji noýabr aralygynda türkmen telekeçileri Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçiriljek “Growtech 2023” atly 22-nji Halkara sergisine çagyrylýar. Bu sergide esasan ýyladyşhana, oba-hojalyk tehnologiýalary we maldarçylyk enjamlary görkeziler.

Statistiki maglumatlara görä, bu sergä iň köp gatnaşyjy ýurtlaryň ilkinji onlugyna Eýran, Iordaniýa, Müsür, Yrak, Russiýa, Azerbaýjan, Marokko, Özbegistan, Liwan we Gazagystan girýär.

Belläp geçsek, 2022-nji ýylda geçirilen bu halkara sergä 123 ýurtdan jemi 58 müň 555 sany myhman gatnaşdy.

Şeýle hem bu barada Biznes Türkmenistan web-saýtynda okap bilersiñiz.

Parahatmuhammet GURBANOW,
Türkmenistanyñ Döwlet energetika institutynyñ talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok