Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, tutuş halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen alnyp barylýan çäreler innowasion ýoly bilen ösdürmek syýasatynyň esasyny düzýär. Bu günki günde Türkmenistan Watanymyz dünýäniň ykdysady giňişligine ynamly goşulyşmak bilen, häzirki wagtda okgunly ösýän döwletleriň sanawynda mynasyp orun eýeleýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini, eksport ugurly harytlarynyň möçberlerini artdyrmak, bilelikdäki senagat kärhanalaryny döretmek esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenen. Ýurdumyzyň sebitlerinde, gözel paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işleri gurluşyk toplumynyň okgunly ösýändiginiň aýdyň görkezijisidir. Döwrebap hem-de kuwwatly önümçilik desgalarynyň ýokary hilli önümleri gurluşyk-senagat pudagynyň maddy binýadyny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Beton önümçiligi, sementiň öndürilişi gurluşyk materiallary senagatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň zawodlarynda betonyň uly isleg bildirilýän görnüşleri öndürilýär. Şeýlelikde, içerki bazary şu gurluşyk materiallary bilen üpjün etmek wezipesi üstünlikli çözülýär. Mundan başga-da, dürli maksatly binalaryň binýadyny goýmakda, köprüleriň sütünlerini we beýleki gidrotehniki desgalary gurmakda ulanylýan bu gurluşyk serişdesiniň öndürilişini ýokarlandyrmak alnyp barylýar. Gazbeton öndürmek üçin zerur bolan çig mallar ýurdumyzyň öz çägindäki ýataklardan we kärhanalaryndan zerur bolan möçberde getirilýär. Beýleki gurluşyk serişdeleri bilen deňeşdirilende, gazbetondan taýýarlanan gurluşlar ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalar üçin birnäçe artykmaçlyklary üpjün edýär. Gurluşyk serişdesiniň şeýle oňyn häsiýetleri netijesinde ondan gurlan binalarda tomsuna salkyn we gyşyna ýyly bolup, kadaly howa ýagdaýyny saklamaga ýardam edýär. Ýygnalýan demirbeton önümleriniň, keramiki kerpiçleriň, betondan ýasalan diwar daşlarynyň, binalaryň diwarlaryny örtmek üçin ulanylýan betonlaryň we beýleki önümleriň çykarylyşy barha giňelýär. Milli ykdysadyýetiň hususy ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilmegi netijesinde telekeçilik işi ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň has netijeli ugurlarynyň birine öwrüldi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurulýan senagat desgalarynyň ençemesi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýerli çig maldan şeýle gurluşyk serişdeleriniň öndürilmegi ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň isleglerini kanagatlandyrmaga doly mümkinçilik berýär. Bu babatda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini özleşdirmek, ylmy-tehniki barlaglary höweslendirmek, serişdeleri tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuz döwrebap tehnologiýalary ulanmak, özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek, şol sanda daşary ýurt maýalaryny çekmek ulgamynda hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Şeýlelikde, ýurdumyzda gurluşyk-senagat ulgamynyň ösdürilmegi türkmen harytlarynyň möçberlerini artdyrmaga we hilini ýokarlandyrmaga, olaryň görnüşlerini giňeltmäge, diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary bazarlarda hem bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän netijeli durmuş-ykdysady strategiýasynyň esasy wezipeleriniň biridir.
Döwletmyrat ANYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler