Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegine we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň döredilmegine 31 ýyl doldy. Bu iki mukaddeslik milletimiziň agzybirliginiň, ýurduň çäk bitewüliginiň, halkymyzyň beýik ynsanperwerlik gymmatlyklaryna, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine ygrarlydygynyň nyşanydyr. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň, adalatly raýat jemgyýetiniň alamatlaryny özünde jemleýän Konstitusiýamyz we Döwlet baýdagymyz türkmen döwletini hem halkyny dünýä tanadýar.
Taryh üçin gysga hasaplanylýan geçen döwürde ýurdumyzda uly özgertmeler amala aşyryldy. Bu özgertmeler syýasy-diplomatik, durmuş-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar. Döwlet we jemgyýet durmuşyna degişli döwrebap çözgütleriň öz wagtynda kabul edilmegi geljekki ösüşleriň sagdyn binýadyny düzýär.
Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Esasy Kanunymyz hem-de belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň şanly geçmişimiziň, şöhratly döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, agzybirligimiziň, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan milli gymmatlygymyzdyr». Konstitusiýa we Döwlet baýdagy merdana halkymyzyň parasatly garaýyşlaryny, milli mirasyny we ruhy dünýäsini bitewüleşdiriji, ýurdumyzy beýik maksatlara galkyndyryjy güýçdür.
Arkadagly Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşen merdana, agzybir halkymyz Esasy Kanunymyzyň binýatlyk kadalaryna daýanmak bilen, mukaddes Tugumyzy belentde parladyp, röwşen geljege tarap ynamly öňe barýar.
Indira ABDULLAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler