Konstitusiýa — döwletiň ebedi binýady

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan edilişi ýaly, halkymyzyň öz ykbalyny kesgitlemäge bolan mizemez hukugyna esaslanylyp, Watanymyzyň häzirki we geljekki ykbaly üçin jogapkärliginden ugur alyp, milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi gorap saklamak, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmak, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek, jemgyýetde asudalygy we agzybirligi üpjün etmek, halk häkimiýetiniň hem-de demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmek maksady bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň milli senenamasynda görnükli orun eýeläp, her ýylyň 18-nji maýynda uly dabara bilen bellenilýär. Eziz Diýarymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde döwlet derejesinde baýram edilmeginde hem uly many bar. Esasy Kanunymyz hem-de Döwlet baýdagymyz türkmen halkynyň şöhratly geçmişini, rowaçlyklara beslenýän ajaýyp döwrümizi, beýik geljegimizi hem-de mizemez jebisligimizi alamatlandyrýan milli gymmatlyklarymyzdyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanyp, adamzat paýhasynyň ösüş ýolunda ädilen möhüm ädimdir. Konstitusiýa döwletiň Esasy Kanuny bolup, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan tapawutlylykda, ýokary hukuk güýjüne eýedir. Döwletimiziň Esasy Kanuny milli demokratiýamyzyň iň kämil derejesidir, raýatlarymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny, işlemegini, bilim almagyny, rahat ýaşaýşyny kepillendirýän iň ýokary hukuk namasydyr.

Şeker GURBANBERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok