Milli ykdysadyýetimiziň batly menzilleri

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiz ösüşiň aýdyň ýoly bilen ösdürilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda geçirilýän giň gerimli ykdysady özgertmeler ähli ulgamlary doly sanlylaşdyrmaga we döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilendir. Bu bolsa ýurdumyzda ösen ykdysadyýete esaslanýan bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini kemala getirilmegine, Watanymyzy senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna goşmaga şert döredýär.Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp derejede dowam etdirilýän belent başlangyçlar netijesinde milli ykdysadyýeti köpugurly ösdürmek babatda kadalaşdyryjy hukuk namalar hem kabul edilýär we maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, dürli görnüşli täze senagat kärhanalaryny gurmak, hususy telekeçiligi ösdürmek batly depginde alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda elektron hyzmatlary ýokary derejede ösdürilip, pudaklar sanlylaşdyrylýar. Ilata döredilýän zerur şertler, durmuş ýeňillikleri, elektron hyzmatlar ýaly mümkinçiliklerde Arkadagly Serdarymyzyň halkymyz üçin edýän uly tagallalary öz beýanyny tapýar. Halk bähbitli beýik işleri ösdürmekligiň ileri tutulýandygy ylym-bilim ulgamynda hem has-da aýdyň duýulýar. Ýaş nesillere döwrebap derejede bilim bermek, hünär öwretmek, degişli ugurlary döwrebap hünärmenler bilen üpjün etmek ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygy ählimizi buýsandyrýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirilýär. Bu bolsa ykdysadyýeti ösdürmek işiniň halkara ülňülerine laýyklykda alnyp barylýandygyna, hemmetaraplaýyn ylymly-bilimli hünärmenler bilen pudaklary üpjün etmek arkaly milli ykdysadyýetimizi geljekde has-da ösdürmäge kuwwatly itergi berýär.Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda uly üstünlikleriň, belent sepgitleriň, netijeli ösüşleriň gazanylmagy babatda ýola goýulýan möhüm çäreler mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şamuhammet MYRATBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok