Rowaçlygyň batly gadamlary

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ykdysady ösüşler bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşleri barha kuwwatlanyp, ähli sebitleri yzygiderli ösdürilýär. Halk hojalyk pudaklaryny sanlylaşdyrmak işleri-de üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi sanly ykdysadyýeti ösdürmekde uly işleriň alnyp barylmagy bilen häsiýetlendirilýär. Ýurdumyzda bu ugurda kabul edilen Konsepsiýalarda we döwlet maksatnamalarynda sanly ykdysadyýeti, sanly bilimi berkarar etmegiň möhüm wezipeleri we ony amala aşyrmagyň kämil ugurlary aýdyň beýanyny tapýar. Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän sanly ykdysadyýet möhüm wezipeleriň üstünlikli amala edilmegine we ähli babatda ýokary ösüş görkezijileriň gazanylmagyna oňaýly şertleri döredýär.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda sanly ykdysadyýetiň ýokary derejede ösdürilmegi we giňden ornaşdyrylmagy döwrebap üstünliklere, oňyn netijelere eýe bolýar. Netijede ähli pudaklarda sanly ulgamyň mümkinçilikleri hem ýokarlanýar, döwrebap usullar ýola goýulýar. Şeýle döwrebap işleri kämil derejede alyp barmakda ýaş hünärmenleriň hem kämilliginiň zerurdygy düşnükli bolsa gerek. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap derejede bilim-terbiýe almagyny, ösen aň-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly bolup kemala gelmegini şertlendirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda döwrüň talaby bolan sanly ulgamdan peýdalanmagyň dürli ugurlary öwredilýär. Kämil hünärmenler sanly ykdysadyýeti ösdürjek, durmuşa geçirjek adamlardyr. Ýaşlara tehnologiýalar, iň kämil enjamlardan baş çykarmagyň ygtybarly ýollary öwredilýär, sanly ulgam baradaky sowatlylygy ýokarlandyrylýar. Şular bilen bir hatarda, ýurdumyzda maýa goýum serişdelerini yzygider özleşdirilýär, netijede ykdysadyýetiň pudaklary döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar, täze-täze, dünýä ülňülerine kybap gelýän önümçilik desgalary gurulýar. Bu beýik işleriň dowamly bolmagy üçin öňde goýlan möhüm wezipeleriň, asylly maksatlaryň amal edilmegi hökmany şertdir. Bu ugurda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan möhüm ähmiýetli döwlet maksatnamalary kabul edilýär we olardan gelip çykýan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerini üpjün edip, alnyp barylýan işleriň oýlanyşykly ýola goýulmagyna mümkinçilik döredýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzy beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp derejede dowamat dowam eýleýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il bähbitli alyp barýan beýik işleri hemişe üstünliklere beslensin!

Arazmeňli JUMAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agroinženerçilik taýýarlyk
ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok