Geljekki hünärmenler üçin göçme okuw sapagy geçirildi

Golaýda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Aşgabatenergo» önümçilik birleşiginiň «Paýtagt» dolandyryş merkezinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň «Elektrik üpjünçiligi we elektromehanika» kafedrasynyň professor mugallymlary we talyp ýaşlarynyň göçme okuwy geçirildi.

Göçme okuwyň dowamynda ilki bilen dolandyryş merkeziniň işgärleri talyplara tehniki howpsuzlyk düzgünleri bilen tanyşdyrdy. Mundan başga-da talyplar Aşgabadyň tutuş energoulgamy hem-de zerur maglumatlar bilen giňden tanyşdylar.

Şeýle hem talyplara bu dolandyryş merkeziniň artykmaçlyklary barada gürrüň berildi. Enjamlary hem-de elektrik geçiriji ulgamlary aralykdan işe girizmek we işini togtatmak mümkinçiligi, alnan maglumatlary seljermegiň esasynda işi dowam etmek ýa-da zerur bolan öňüni alyş hem-de abatlaýyş çärelerini geçirmeklik barada bellenilip geçildi.

Belläp geçsek, mugallymlaryň göçme okuwlary yzygiderli gurnamaklarynyň esasy maksady talyplaryň nazaryýetde alýan bilimlerini önümçilikde has-da çuňlaşdyryp öwretmekdir. Geljekde «Elektrik üpjünçiligi we elektromehanika» kafedrasynyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary elektrik beketlerine hem-de önümçilik birleşigine baryp, olaryň ýerine ýetirýän wezipeleri, iş ýagdaýlary bilen tanyşmagy öz öňlerinde maksat edinýärler.

Başga Habarlar

Teswirler

Berdi

Indiki geçirjek göçme okuwlaryñyzy "Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine" gurnamagyñyzy maslahat berÿärin