Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda düýpli ylmy esaslara daýanýan ykdysady syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mundan ötri maliýe-karz, býujet, salgyt, maliýe, baha ugruny emele getirýän we döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ösen bazar gatnaşyklaryna geçmegiň milli usuly işlenip taýýarlanyldy. Şunda döwlet Baştutanymyzyň iňňän oýlanyşykly, öňdengörüjilikli döwlet syýasatyndan ugur alnyp, işlenip taýýarlanylan Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak we gysga möhlet üçin maksatnamalary ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň önümçilik binýadynyň senagatlaşdyrylmagyny, onuň häzirki zaman düzüminiň we ägirt uly serişde mümkinçilikleriniň esasynda halk hojalygynyň hil taýdan täze ulgamlarynyň döredilmegini esasy ugur edinýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri 2023-nji ýylda üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edilen bir ýyllyk Maksatnamada halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny we iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş mümkinçiliklerini giňden ulanmak, milli ykdysadyýetiň senagatlaşma derejesini pugtalandyrmak ýaly meseleler ähmiýetli orny eýeleýär. Aýdyň wezipeleriň göz öňünde tutulyp, maksatlaýyn işleriň amala aşyrylmagy özüniň oňat netijesini berýär. Şonuň üçin hem öňde durýan wezipeleriň ählisi ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyny gazanmaga gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň şygary barada aýdyp, onuň ähmiýetini nygtap, «Ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga ýardam bermelidir» diýip belleýär. Şonuň üçin hem, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň syýasy, medeni we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyldy. Şu döwürde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele geldi. Bu bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna oňat ýardam berýär. Munuň özi nurana geljegimiziň has-da ösüşli bolmagyny, nesillerimiziň bagtyýarlygyny üpjün edýär.
Annaoraz ANNAORAZOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler