Iňlis dili dersi boýunça I olimpiadanyň II tapgyry oflaýn görnüşde geçirildi

Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň: “Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly.” diýen tabşyryklaryndan ugur alyp, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” we “Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň IX-XI synp okuwçylarynyň arasynda iňlis dili dersi boýunça I olimpiadanyň II tapgyry oflaýn görnüşde geçirildi. Oňa I tapgyrda “Meniň üstünligimiň özeni…” atly düzmäni çeper beýan edip, 2282 0kuwçydan tapawutlanan 25 okuwçy, ýurdumyzyň welaýatlarydyr etraplaryndan hem-de Aşgabat şäherinden gatnaşdylar.

Bäsleşigiň II tapgyrynda institutyň sanly ulgamy arkaly iňlis dilinde okaýyşa, diňlemä, grammatika degişli 10 ýumuşdan ybarat bolan barlagnama berlen 90 minudyň dowamynda jogap berdiler. Okuwçylaryň gazanan bahasy awtomatik usulda hasaplanylyp ýeňijiler dabaraly ýagdaýda yglan edildi. Şowhunly el çarpyşlaryň astynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Diplomyna mynasyp bolan mekdep okuwçylarynyň begenji, Hormat hatyň eýesi bolan mugallymlarynyň buýsanjy has-da täsirli boldy.

Ýokary okuw mekdebiniň okuwçylar üçin taýýarlan dürli dillerdäki konserti, üýtgeşik we gyzykly sergi barada talyplaryň iňlis dilindäki çykyşlary, ýaşlarda hünär saýlamaga we diller dünýäsine uly gyzyklanmany döretdi. Uly netijelere beslenen bu bäsleşigiň ýeňijileri barada maglumatlar institutyň resmi internet saýtynda hem yglan edildi.

Azady MYRADOW

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok