Arkadagyň ak şäheri ― Arkadag!

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowamatyny tapýan beýik işler dünýä nusgalyk derejä göterilýär. Munuň özi agzybirlikden, jebislikden rysgal-bereket tapan, halallyga, adalata, ynsanperwerlige, dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarly halkymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sapaly durmuşa eýediginiň ykrarnamasydyr.

Juda gysga wagtyň dowamynda ýokary hil ülňülerine doly laýyk derejede bina edilen bu ajaýyp şäher diňe bir biziň eziz Diýarymyzda däl, eýsem, sebitde-de ýeke-täkligi bilen görenleri haýran galdyrýar. Şonuň bilen birlikde hem merdana halkymyzyň köňül islegi bilen «Arkadag» diýlip atlandyrylan «akylly» şäher döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň bimöçberdiginiň, türkmen gudratynyň dowamat-dowam tapýandygynyň güwäsidir.

Arkadag şäherinde milli we häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylyp, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň «akylly şäher» konsepsiýasy esasynda alnyp barylmagy hormatly Prezidentimiziň: «Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys» diýen sözleriniň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär.

Halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmagyň, ata Watanymyzyň at-abraýyny belende galdyrmagyň hatyrasyna şeýle beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Allanur ANNAGYLYJOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok