Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly

2023-nji ýyl ýurdumyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edildi. Munuň özi ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde, özgermeginde ýaşlara uly ynam bildirilýändigini görkezýär. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda okamak, öwrenmek, döretmek üçin ähli mümkinçilikler, şertler döredilýär.

Ýaşlar jemgyýetiň iň işjeň bölegi hökmünde ýurduň ähli babatda ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hem ýaşlary goldamaga, olaryň jemgyýetdäki mynasyp ornuny tapmaga gönükdirilen döwlet syýasaty amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda bu ugurda maddy-tehniki binýady berkidýän çäreleri durmuşa geçirmek bilen birlikde, degişli kanunlar, maksatnamalar, konsepsiýalar kabul edilýär.

Geçen ýyl «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini görkezýän bolsa, şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýagty ertirlerimiziň eýelerine bildirilýän uly umytdan hem-de ynamdan nyşandyr. Munuň özi ýaşlaryň syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda durmuşa geçirilýän işlere işjeň gatnaşmagy, olaryň watançylyk, halallyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenmegini gazanmak, ýaş nesliň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek hem-de döredijilikli başlangyçlaryny goldamak ýaly asylly maksada gönükdirilendir. Bu işler ýaş türkmenistanlylary Watanymyzyň we halkymyzyň ýagty geljeginiň bähbidine täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Biz — bagtyýar ýaşlar şu ajaýyp, eşretli zamanada ýaşaýandygymyza buýsanýarys. Eziz Watanymyzyň daýanjy hem buýsanjy bolan ýaşlara uly ynam bildirip, ýeňişlere atarýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Leýli AÇYLOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa
fakultetiniň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok