Arkadag şäheri – binagärligiň özboluşly aýratynlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň tamamlanyp barýan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly şanly wakalary bilen şöhratly ýyllaryň biri bolup taryha girer. Muňa bu ýylda durmuşa geçirilen işlerem, belent tutumlaram, taryhy wakalaram subutnama bolup biler. Olar adam hakdaky aladadan ugur almak bilen, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakdan, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşiň täze tapgyryna çykan, bedew bady bilen diňe öňe barýan ata Watanymyzyň abraý-mertebesini beýgeltmekden gözbaş alýar.

Mälim bolşy ýaly, Köpetdagyň gözel künjeginde täze, döwrebap şäher — Arkadag şäheri kemala gelýär. Bu şäheriň aýratynlyklary, onda döredilýän şertler dogrusynda entek kän-kän söhbet ediler. Ýöne şunda Ahal welaýatynyň täze merkezine berlen adyň örän ýerine düşen çözgütdigini welin, hökman nygtamaly. Onda halkymyzyň köňül islegi öz beýanyny tapdy. Çünki bu şäher döwrümiziň beýik Şahsyýeti Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz yhlasynyň, hemişelik üns-aladasynyň ajaýyp miwesidir.

Ahal welaýatynyň döwrebap edara merkeziniň guruljak ýeriniň gadymy Yzgant obasyna golaý çäklerden saýlanyp alynmagynda hem uly many bar. Muňa hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: «Yzgant obasynyň adyny gadymy oguz dilinden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň türkmen diline geçirsek, mähriban halkymyza eziz we örän ýakymly bu adyň «Oguzlaryň şäheri», «Oguz şäheri» (Oguz hanyň şäheri) diýen manyny berýändigi öz-özünden düşnükli bolýar. Yzgant orta asyrlarda hem tutuş bir welaýatyň merkezi hökmünde belli bolupdyr» diýen sözleri-de güwä geçýär. Diýmek, Arkadag şäheri öz taryhy ýerinde — Ahal sebitiniň gadymy merkezinde bina edilen şäherdir.

Arkadag şäheriniň gurulmagy bilen bagly alnyp barylýan işler şöhratly taryhymyza, merdana pederlerimize goýulýan belent sarpanyň aýdyň nusgasydyr. Biz munuň şeýledigine geçen ýylyň 21-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisiniň mysalynda ýene bir gezek göz ýetirdik. Şol mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine «Arkadag şäheri» adynyň berilmegi, onuň çäginde ýerleşýän medeni maksatly desgalara döwletimize, halkymyza wepaly hyzmat eden, syýasy, ykdysady we medeni ösüşlerimize uly goşant goşan meşhur şahsyýetlerimiziň atlarynyň dakylmagy bilen bagly çözgütleriň beýan edilmegi ildeşlerimiziň giň goldawyna mynasyp boldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde amala aşyran we aşyrýan işleriniň bimöçberdigini ähli halkymyz bilen birlikde bu gün bütin dünýä ykrar edýär. 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok