Bagtyýar eýýamyň bagtly ýaşlary

Üstünliklere beslenen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyz hem  ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy wakalara baý many-mazmunly ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzyň ýaşlaryna uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar bilen bagly ähli meselelerde öňde durýan wezipeleri kesgitläp bermegi türkmen halkynyň ýagty geljegi üçin edilýän uly aladadan habar berýär. Ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyna, ylymly, bilimli nesiller hökmünde kemala gelmegine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde syýasy taýdan sowatly, beden we ruhy taýdan sagdyn, zähmetsöýer, hakyky watançy nesilleri terbiýelemek döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň birine öwrüldi.

Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamy olarda geljegiň täze menzillerine, ösüşiň ýokary basgançaklaryna ruhy goldaw döredýär. Häzirki bagtyýar zamanamyzda ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge, halkymyza mahsus bolan ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen çäreler bu gün üstünlikli amala aşyrylyp, döwür bilen aýakdaş gadam urýan bagtyýar ýaşlar Watanymyzyň gülläp ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşmak ugrunda yhlas edýärler. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak babatda çynlakaý alada edip, ýaşlary kämil ylmyň we bilimiň ak ýoluna atarýar. Ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we häzirki zamanyň innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, giň gözýetimli nesilleri kemala getirmek ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ýaşlaryň beýik döwrümiziň ruhuna kybap ösüp kemala gelmegi, saýlap alan hünärlerini kämil öwrenip, mynasyp käre eýe bolmaklary we zähmetde, döredijilikde, ylymda öz ukyp-başarnygyny synap görmegi üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Ýaşlaryň ata Watana bolan beýik söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy Arkadagly Serdarymyzyň aýdyň maksatly beýik işleriniň beýanynda öz synmaz ornuny tapýar.

Pursatdan peýdalanyp, biz bagtyýar ýaşlar, bilimlerimizi kämilleşdirip, bize bildirilýän belent ynama ygrarly bolmak ugrunda yhlasymyzy, zehinimizi, gujur-gaýratymyzy gaýgyrmajakdygymyza ynandyrýarys!

Gowşut NURMYRADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok