Arkadag şäheri — şäherleriň göwheri

Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň ka­ra­ry bi­len, Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­ne şä­her de­re­je­si be­ril­di we «Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ar­ka­dag şä­he­ri» diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. Bu hoş ha­ba­ra her bir türk­me­nis­tan­ly tüýs ýü­rek­den be­gen­di, kalby­nyň tö­rün­den çyk­ýan al­kyş­la­ry­ny mer­ke­zi met­bu­ga­tyň, mil­li te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ryň üs­ti bi­len be­ýan et­di­ler. Tä­ze şä­he­riň gur­lu­şy «akyl­ly» şä­her kon­sep­si­ýa­sy­na esas­lan­ýar. Bu ýer­de hä­zir­ki za­man in­ter­net ul­ga­my, san­ly ul­gam ar­ka­ly do­lan­dy­ry­lyş do­ly gur­na­lan­soň, Ar­ka­dag şä­he­ri döw­rü­mi­ziň iň döw­re­bap ilat­ly ojak­la­ry­nyň bi­ri bo­lar.

Bu ýerde ekologik talaplaryň ýerine ýetirilmegi aýratyn üns merkezinde. Munuň özi «akylly» şäher ulgamy esasynda dolandyrylýan şäheriň kemala getirilmegi bilen utgaşdyrylýar. Şeýlelikde, Arkadag şäheri — Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäherdir. Bu ýerde «ýaşyl» tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy, sanly tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy bilen «akylly» şäher konsepsiýasy durmuşa geçirilýär.

Tutuş bir şäheri, onda-da iň döwrebap şäheri gurmak her bir döwlete başardýan iş däl. Biziň ýurdumyzda şeýle şäherler yzly-yzyna gurulýar. Aşgabat, hakykatda, täzeden guruldy. Awaza uly bir şäher, tutuş bir dynç alyş-syýahatçylyk merkezi. Ine, indi bolsa başga bir beýik şäher, «akylly» şäher — halkymyzyň ýürek emri bilen Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän şäher peýda boldy! Nesip bolsa, «Aşgabat-sitini» hem bu sanawa goşup bolar, onuň gurulmagy netijesinde paýtagt şäherimiziň çäginde ýene bir üýtgeşik şäher peýda bolar.

Tä­ze, döwrebap şäher hal­ky­my­zyň gö­te­ri­len yk­ba­ly­nyň ala­ma­ty bo­lup, ak bi­na­la­ry bi­len bi­zi bag­ty­ýar pur­sat­la­ra duş ed­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ama­la aşyr­ýan be­ýik iş­le­ri her bir gü­ne, aýa, ýy­la ta­ry­hy maz­mun çaý­ýar. Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi bo­lan Ar­ka­dag şä­he­ri hem türk­men ta­ry­hy­nyň al­tyn sa­hy­pa­la­ry­na mü­di­mi­lik ýa­zyl­jak şat­lyk­ly wa­ka­la­ra bes­le­nip, mer­mer öwüş­gi­ni bi­len Di­ýa­ry­my­zyň gu­ja­gy­na aý­ra­tyn gör­ka­na­lyk çaý­ýar.

Aýmyrat HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok