Balkanda guruljak täze oba üçin potratçylar gözlenilýär!

Balkan welaýatynyň häkimligi Gyzylarbat etrabynda peýda boljak täze ilatly nokatda dürli desgalaryň gurluşygy boýunça tender-bäsleşigini yglan etdi.

Täze obada 32 sany bir gatly dört otagly ýaşaýyş jaýyny, 260 orunlyk mekdebi, 160 orunlyk çagalar bagyny, saglyk öýüni, geňeşligiň, polisiýanyň, ýangyn söndüriji gullugynyň binasyny,  200 orunlyk medeniýet öýüni we seýilbag gurmak göz öňünde tutulýar.

Bulardan başga-da suw geçirijisini, gaz geçirijisini, lagym ulgamyny we tok geçirijilerini gurnamaly, içerki we uly ýollary çekmeli, agyz suwuny süýjetmek boýunça bina, lagym arassalaýjy desgalar gurulmalydyr.

Isleg bildirýän hususy kärhanalar durmuş maksatly binalaryň gurluşygy boýunça ýüz tutmalary tabşyryp bilerler.

Gurulmaly desgalaryň doly sanawy bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz! 

Maglumatlar üçin şu telefon belgilerine ýüz tutmaly:  (+993 222) 2-01-04; 2-01-15; 2-01-16.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok