Hindistanyň «Bharatanatyam» tans toparynyň wekilleri ýurdumyzda saparda boldular

25 — 29-njy ýanwarda Hindistanyň «Bharatanatyam» tans toparynyň wekilleri ýurdumyzda saparda boldular. Olaryň Türkmenistana sapary dostlukly ýurduň gadymy tans sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam etdi. Saparyň dowamynda hindi sungat wekilleri Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda hem-de Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda çykyş etdiler.

Belläp geçsek, «bharatanatyam» tans sungaty bolup, ol Hindistanyň nusgawy tanslarynyň ähli görnüşleriniň arasynda iň gadymysydyr. Onuň ýerine ýetirilişi sazy, tansy we dramany özünde jemleýär. Bu gadymy tans sungaty hereketlerdäki pelsepedir. Ol pes hem orta depginde ýerine ýetirilýär. Häzir «bharatanatyam» sungaty bütin dünýäde öwrenilip, zenanlaram, erkeklerem bu tansy ýerine ýetirýärler.

Ýurdumyzyň teatrlarynda Hindistanyň «Bharatanatyam» tans toparynyň wekilleriniň çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan gyzyklanma bilen kabul edildi. Ýakymly hindi sazynyň ýaňlanmagy arkaly ýerine ýetirilen tans hereketleri dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Munuň özi sungat ussatlarynyň zehinine we başarnygyna berlen mynasyp bahadyr. Şeýle-de tans toparynyň wekilleri Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli geçirilen resmi kabul edişlik dabarasynda nusgawy tans çykyşlaryny görkezdiler.

Şeýlelikde, «Bharatanatyam» tans toparynyň wekilleriniň Türkmenistana sapary türkmen-hindi gatnaşyklarynda medeni ugra uly ähmiýet berilýändigini aýdyňlyk bilen görkezdi.

Ogulgül AMANMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok