Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnalyň bu sanyndaky makalalar şanly senä — Watanymyzyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygyna bagyşlandy.
Žurnal Türkmenistan halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyna daýanýan, daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýän binýatlyk ýörelgelerden ugur alýar. Bu ýörelgeler ýurdumyzyň uzak möhletli milli bähbitlerini goramakdan, döwletimiziň dünýä bileleşigine has ysnyşykly goşulyşmagyny üpjün etmekden, ählumumy derejede ähmiýetli meseleleriň çözülmegine ýardam bermekden hem-de durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga goşant goşmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan milli, sebit we dünýä derejesinde parahatçylyga, howpsuzlyga, durnukly ösüşe ýardam berýän möhüm halkara başlangyçlary öňe sürmek bilen, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ugrunda uly tagalla edýär.
Žurnalda Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen Kararnamalaryna aýratyn orun berlipdir. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy», «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty», «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», «Halkara Bitaraplyk güni», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «Bütindünýä welosiped güni», «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalar bar.
Türkmen, iňlis we rus dillerindäki neşir däp bolan «Senenama» bölümi bilen tamamlanýar. Onda abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçen duşuşyklara, maslahatlara we beýleki çärelere syn berilýär.
Begmyrat DÖWLETOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler