«Huawei» kompaniýasy Türkmenistanda sanly telefon ulgamyny giňletmek işine gatnaşýar

Hytaýyň «Huawei Technologies» kompaniýasy Aşgabatda we ýurduň sebitlerinde durnukly telefon ulgamyny giňeltmek taslamasynyň çäklerinde enjamlar, programma üpjünçiligi we ygtyýarnamalar bilen üpjün eder we şol sanda daşama, gurnama, işe girizmek we tehniki goldaw işlerini ýerine ýetirer.

Taslama Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan amala aşyrylýar we täze sanly telefon beketleriniň gurulmagyny, Gigabit PON tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagyny we bar bolan telefon ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar, bu bolsa ýokary tizlikli internet, IP-TW ýaly häzirki zaman hyzmatlarynyň giň topary bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Belläp geçsek, Arkadagly Serdarymyz golaýda geçirilen hökümet ýygnagynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligine welaýatlarda we Aşgabat şäherinde fiksirlenen telefon toruny giňeltmek bilen baglanyşykly enjamlary, programma üpjünçiliklerini we ygtyýarnamalary satyn almak, getirmek, gurnamak, işe girizmek we tehniki goldawy bermek barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Huawei Teсhnologies Сo., Ltd» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän karara gol çekdi.

«Huawei Technologies» kompaniýasynyň merkezi edarasy Hytaýyň Şençzhenen şäherinde ýerleşýär. Bu kompaniýa Hytaýyň köpmilletli kompaniýasy hasaplanylýar. Kompaniýa 1987-nji ýylda esaslandyrylyp, onuň dünýäde 21-den gowrak gözleg we barlag instituty bar.

Daýanç HUDAÝBERGENOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok