Şäheriçi jemgyýetçilik awtobuslary şygarlar bilen bezeldi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki, maslahatyny jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň 21-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän Maslahatlar köşgünde geçiriljek maslahata görülýän taýýarlyk işleri barha giň gerime eýe bolýar.

Aşgabat şäheriniň baýramçylyk lybasyna girmek bilen şäheriň köçeleri we jemgyýetçilik awtobuslary döwrebap şygarlar bilen bezeldi. «Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!», «Watan diňe halky bilen watandyr!», «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» we beýleki döwrebap şygarlar ýurdumyzyň ösüşleri hem-de halkymyzyň agzybirligini aýdyň şöhlelendirýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok