Türkmenistanyň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasy bir palataly ulgama geçýär

11-nji ýanwarda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny geçirdi.

Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipelere garaldy hem-de türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wajyp wezipeler kesgitlenildi.

Maslahatyň barşynda mundan iki ýyl ozal döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan parlamenti iki palatadan, ýagny Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşine öwürdik. Häzirki döwürde olar öz wezipelerini üstünlikli amala aşyrýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow, häzirki döwrüň ösüp-özgerip barýandygyny nazara alanyňda, ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň gurluşyny yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurlygynyň ýüze çykýandygyny belläp, döwrüň şu talaplaryndan ugur alynmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we oňa giň ygtyýarlyklaryň, şol sanda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, konstitusion kanunlary kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamaga hem-de makullamaga ygtyýarlygyň berilmegi bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işi bes edilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan Türkmenistanyň Milli Geňeşi (parlament) bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülse, maksadalaýyk bolar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok