Perhat Çaryýew — ýylyň göreldeli wagyzçysy

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň syýasy geňeşi tarapyndan yglan edilen “Ýylyň göreldeli wagyzçysy” bäsleşiginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Perhat Çaryýew “Ýylyň göreldeli wagyzçysy” diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşik partiýanyň işgärleriniň, agzalarynyň, partiýa guramaçylarynyň we wagyzçylarynyň ýylyň tutuş dowamynda alyp baran işlerine ýokary baha bermäge uly ýardam etdi.

“Ýylyň göreldeli wagyzçysy” bäsleşigi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adalatly, ynsanperwer, hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatyny, amala aşyrylýan beýik işlerini wagyz-nesihat etmek, jemgyýetçiligi arassa, halal zähmete ruhlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşýan raýatlarymyzy bu ugurdaky işlerde has-da höweslendirmek we olaryň içinden iň göreldelisini saýlamak maksady bilen yglan edilen we ýylyň dowamynda ýokary zähmet üstünliklerini görkezen, döwlet syýasatyny dabaralandyrmaga mynasyp goşant goşan raýatlarymyzyň arasyndan iň mynasybyny saýlamak arkaly geçirilýär. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň hem “Ýylyň göreldeli wagyzçysy” diýen ada mynasyp bolan uly mugallym Perhat Çaryýew hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyny, ýurdumyzda gazanylýan zähmet üstünliklerini diňe bir talyplaryň arasynda däl-de, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly halkymyza hem yzygiderli ýetirýän ýaş wagyzçylaryň arasynda öňdäki orunlary eýeleýär. Perhat Çaryýewiň “Ýylyň göreldeli wagyzçysy” diýen ada mynasyp bolmagy hormatly Prezidentimiziň saýasynda ujypsyzja çekilýän zähmete uly baha berilýändiginiň nyşanydyr.

Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok