90 çowlugy bilen 103-nji Täze ýylyny garşy alýan garry ene

Rozygül Çaryýewa 1920-nji ýylda Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginde dünýä inip, ýene sanlyja günlerden 103-nji Täze ýylyny garşy alar. Onuň Oguldurdy, Oguldöndi, Täçmyrat we Öwezmyrat ýaly 4 perzendi bar.

Rozygül enä ykbal 26 agtygy, 90 çowlugy, 3 ýuwlugy görmegi nesip etdi. Belläp geçsek, Täze ýylyň bosagasynda, iki ýylyň sepgidinde kiçi agtygyndan iň körpeje çowlugy dünýä indi. Bu bolsa Rozygül enä toýly günleriň täze şatlygyny bagyşlady.

Ýakyn günlerde nesip bolsa 103 ýaşajak Rozygül ene, häzirki bu jenneti günlerde çagalaryny, agtyklaryny, çowluklaryny, ýuwluklaryny daşyna üýşürip Täze 2023-nji ýyly garşy alýarlar.

Rozygül ene öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan edýär:

« – Men bu bagtyýar zamanada özümi iň bagtly ynsan hasaplaýaryn. Çünki häzirki ajaýyp döwrümiziň üstünliklere beslenýän bagtly günlerini görmegi men söz bilen aýdyp bolmajak gudrata deňeýärin. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz işleriniň köpdügine garamazdan, biz ― eneleri birjik-de ünsden düşürmeýärler. Gaýtam, enelere görlüp-eşidilmedik derejede sylag-sarpa goýýarlar. Bu mähir-muhabbete ýugrulan üns-aladalar bolsa meniň ömrüme ömür goşýar.»

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok