Baýramçylyk günlerinde ýurt boýunça tertip-düzgün berk gözegçilikde saklanar!

29-njy dekabrda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Täze ýylyň baýram edilýän günleri şäherleriň we obalaryň kadaly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýän ähli gulluklaryň nobatçylygyny guramak bilen bagly meselelere mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Täze ýyl baýramynyň bellenilýän günlerinde ýurdumyz boýunça nobatçylygy talabalaýyk guramak tabşyryldy.

Bellenilişi ýaly, baýramçylyk günlerinde her bir häkimlik, ministrlik we pudak edarasy boýunça nobatçylyk bellenmelidir, jemagat hojalygy, elektrik energiýasy, suw üpjünçiligi gulluklarynyň, hassahanalaryň, ýolagçy awtoulaglarynyň, dükanlaryň takyk, bökdençsiz işlemegini guramak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, tutuş ýurdumyz boýunça baýramçylyk günlerinde nobatçylygyň talabalaýyk guralmagyna umumy gözegçiligi üpjün etmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk günleri raýatlarymyz gowy dynç alyp, Täze ýyly ýokary derejede bellär ýaly, ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamak barada degişli ýolbaşçylara görkezme berdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok