2022-nji ýylda Ministrler Kabinetiniň 52 sany mejlisi geçirildi

29-njy dekabrda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýyl Ministrler Kabinetiniň 52 sany, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 12 sany mejlisiniň, şeýle hem 49 sany dürli döwlet maslahatlarynyň geçirilendigini belledi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok