Çärjew etrabynda ýerleşýän «Metin» hususy kärhanasynda üstümizdäki ýylda polipropilen haltalaryny öndürmekde ýokary netijeler gazanyldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Rozumyrat Joraýewe degişli bolan bu hususy kärhanada şu ýylyň başyndan bäri polipropilen haltalaryň 458 tonnasy öndürilip, sarp edijilere ýetirildi. Öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi 2 million 88 müň 400 manatlyga deň boldy. Önümçilikde gerek bolan çig mal Gyýanlydaky Polimer zawodyndan alynýar.
Teswirler