Azady institutynda “Arkadag şäheri — döwrebap şäheriň kämil nusgasy” maslahaty geçirildi

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Arkadag şäheri — döwrebap şäheriň kämil nusgasy” atly hoşallyk maslahaty geçirildi.

Şäheriň binägärlik aýratynlyklary, bu ýerdäki köpugurly desgalar, olaryň täze geljekde döretjek jemgyýeti we medeniýet barada giňişleýin gürrüň edildi. Mugallymlardyr talyplaryň çykyşlary bilen bir hatarda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Dowam bolsun!” atly täze şygry hem-de “Arkadag şäherim adyň mübärek atly” edebi sazly kompozisiýa dünýä dillerde beýan edildi.

Mariam Orazowa
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň​
Rus diliniň nazaryýeti we amalyýeti
kafedrasynyň öwreniji mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok