Ösümlikleriň boý alşyna sazyň ýetirýän täsiri

Ösümlikleriň ösüşine, boý alşyna sazyň ýetirýän täsiri ençeme hünärmenler tarapyndan anyklanyldy. Bilermenleriň aýtmagyna görä, saz ekinleriň ösüşini çaltlandyryp, hasyllylygynyň ýokarlanmagyna getiripdir. Oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdirilende geçirilýän agrotehniki çäreleri wagtynda alyp barmak ýola goýlanda we saz bilen barlag geçirilende alnan hasyl 25-60% çenli ýokarlanypdyr. Şeýle ýol bilen kösükli ekinlerde, dänelilerden bugdaýda, şugundyrda, mekgejöwende we birnäçe otag  güllerinde gowy netijeler alnypdyr. Bu usullar häzirki wagtda Hytaýda we Ýaponiýada miweli baglary ösdürip ýetişdirmekde we ýyladyşhanalarda ýörite saz goýbermek üçin enjamlar oturdylan.  Esasan hem meşhur kompozitorlar bolan Mozartyň, Bahyň, ajaýyp sazlary, jaz sazlar has hem ýokary netijeleri beripdir. Sazlaryň arasyndan rok sazlary bolsa ösümliklere ters täsir edipdir. Şeýle sazlar täsir etdirilende ösümlikler ösüşden galyp, guramak bilen bolupdyr. Ösümlikleriň saza bolan duýgurlygy dünýä ýurtlarynyň alymlarynda hem uly gyzyklanma döredipdir. ABŞ-nyň, Belgiýanyň, Hytaýyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Russiýanyň  we beýleki döwletlerde ösümlikleriň saza duýgurlygy barada köp sanly ylmy barlaglar alnyp barlypdyr. Saz goýberlende emele gelýän yrgyldylar ösümligiň synalaryna täsir edip, öýjükdäki sitoplazmanyň işjeňligini çaltlandyrypdyr. Ösümlik üçin zerur bolan kömürturşy gazy we suw buglarynyň kabul edilişi we kislorodyň bölünip çykyşy ýokarlanypdyr. Netijede fotosintez hadysasynyň geçişi çaltlanyp, organiki maddalaryň emele gelmegi ýokarlanypdyr.

Italiýada üzüm baglarynda geçirilen barlagda günüň dowamynda birnäçe sagat klassiki sazlar goýberlip, olaryň daşky massasy 30 göterim tapawut berip, belogyň sintezi ýokarlanypdyr, olara himiki serişdeleri bermeklik zerurlygy hem gerek bolmandyr. Täsin ýeri, käbir döwletlerde ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýörite saz albomlary satuwa çykarylypdyr.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok