Uly işler amala aşyryldy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň hünärmenleriniň tutanýerli zähmetleri netijesinde täzeden hatara goşulan guýularda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda bitirilen işler öwgä mynasypdyr.

Tutuş trest boýunça bu döwürde ýer jümmüşinden goşmaça alnan nebit çig malynyň möçberi 235 müň tonna barabar boldy. Bu görkeziji geçen on bir aý üçin göz öňünde tutulanyndan 24 müň tonnadan gowrak «gara altynyň» artyk alnandygyna şaýatlyk edýär.

Hasabat döwründe bu trestiň düzümindäki «Goturdepe», «Barsagelmez» guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri boýunça bitirilen işler has-da görnükli boldy. Has takygy, on bir aýda bu müdirlikler boýunça goşmaça alnan nebitiň möçberi degişlilikde, 106 müň we 104 müň tonna barabar boldy. Şeýlelikde, goşmaça gaz çykarmagyň meýilnamasynyň trest boýunça 188 göterime golaý berjaý edilmegi «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň hünärmenleriniň yhlasly zähmetleriniň netijesidir.

«Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň degişli müdirlikleriniň hünärmenleriniň on bir aýda önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýularyň 415-sine derek 471-sini düýpli abatlaýyşdan soňra, önümçilikçilere tabşyrandyklaryny hem aýratyn nygtamak gerek.

Meňli ATAÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok