Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy gullugy «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müşderilerine sms habarnamasyny iberip, Täze ýyl arçasy bezelende berjaý etmeli düzgünleri ýatlatdy.
Sms habarnamasynda şeýle diýilýär:
«Hormatly watandaşlar! Täze ýyl arçasyny bezäniňizde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý edip, olaryň golaýynda feýerwerkleri we bengal otlaryny ýakmagyň, şeýle hem kiçi ýaşly çagalary öýde ýeke galdyrmagyň howpludygyny ýatladýarys.»
TIIM-niň ÝHG.
Teswirler