Türkmenistanlylara Täze ýylda täze filmler görkeziler

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi ýurdumyzyň raýatlary üçin Täze ýyl baýramyna sowgatlary taýýarlaýar. Ýakyn günlerde W.Işangulyýewiň «Täze ýyl» aýdym-sazly komediýasy we K.Garaýewiň «Täze ýyl şowhuny» atly filmleri milli telewideniýede tomaşaçylara görkeziler.

Bulardan başga-da häzirki wagtda, öňden gelýän milli gymmatlyklar baradaky üç sany dokumental filmiň üstünde birnäçe işler alnyp barylýar. Olaryň biri türkmen alabaýy, ikinjisi alaja, üçünjisi bolsa gadym döwürlerden bäri mukaddes saýylyp, belent tutulýan çörek bişirilýän tamdyr hakynda gürrüň berýär.

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi ýakyn geljekde «Rowaýat» we «Gyzyl alma» atly taryhy gysga filmleri-de tomaşaçylara hödürlemäge taýynlanýar.

Teswirler

Rovshen

Osman Öde "Altynjan hatyn" atly kitaba esaslanan film cykarsalar has gowy bolar.