Ekologiýa abadançylygy – täze döwrüň ruhunda

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli hem ynsanperwer döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyzda ekologiýa abadançylygynyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Döwletimizde ýaş nesliň arasynda ekologik bilimleri giňden ýaýratmak, ekologiýa howpsuzlygy babatyndaky maglumatlar bilen ilaty habarly etmek, tebigaty goramaklygy we ony aýap saklamaklygy giňden wagyz etmek bilen baglanyşykly çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmekligiň durmuşa geçirilmegi ynsanyň tebigat bilen bilelikde sazlaşykly ýaşamagynyň kepili bolup durýar. Ýurdumyzda ekologik bilime we terbiýä möhüm orun berilmegi ýaş nesliň bu ugurda sowatly, daşky gurşawy goramaga mynasyp goşandyny goşup biljek adamlar bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan ähli şertleriň döredilýändigini alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda gözel tebigatymyzy içgin öwrenmek, goramak, ony baýlaşdyrmak meselelerine örän uly üns berilmegi bilen, ýurdumyzyň şäherdir-obalaryny gür bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýaşyl zolaklaryň giň meýdanlary ýylsaýyn giňeýär. Her ýylda köpçülikleýin bag ekmeklik çäreleri ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle döwlet ähmiýetli asylly işler sebit we dünýä möçberinde hem ekologik howpsuzlygy berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda bu babatda alnyp barylýan çäreleriň ýene biri hem, Garagum sährasyndaky «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ulanylmaga berilmegidir. Ol ýurdumyzyň suw serişdelerini aýawly saklamak bilen baglanyşykly ählumumy meseleleriň çözgüdine oňyn goşant goşmaga ýardam berýär. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginiň ekologiýa talaplaryna laýyk özleşdirilmegi Aral deňziniň emele getirýän ýaramaz täsiriniň öňüni almaga we ýerleriň şorlaşmagyny belli bir derejede azaltmaga saldamly goşantdyr. Ýurdumyzda her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda saýaly, pürli, miweli agaçlary hem-de üzüm nahallaryny ekmeklik asylly däbe öwrüldi. Oňa ýurdumyzyň raýatlarynyň uludan-kiçi ählisi uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Bu ählihalk çäresi howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine garşy göreşmegiň möhüm görkezijisidir. Pederlerimizden miras galan milli ýörelgelerimize esaslanyp, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine daýanyp, ekologik abadançylygy ýola goýmak döwrüň talabydyr. Ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, zähmetsöýerligiň, ekologik aň-bilimiň, ekologik medeniýetliligiň belent ruhunda terbiýelemek döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar.

Tumar MOLLAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok