Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň maşgalalary sergä aýlanyp gördüler

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň çäklerinde giň gerimli sergi guraldy, oňa köp sanly myhmanlar, şol sanda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň maşgalalary baryp gördüler.

Ogulgerek Berdimuhamedowa, Mehriban Aliýewa şeýle-de Emine Ärdogan bu ýerde Türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň eserlerini hem-de nepis halylaryny, täsin milli senetçilik önümlerini hem-de zergärçilik şaý-seplerini synladylar.

Soňra döwrebap görnüşde taýýarlanan milli lybaslar görkezildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok