Türkmenistanda täze ilatly şäherçe peýda boldy

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda täze ilatly ýeriň döredilendigini göz öňünde tutup we welaýatyň dolandyryş-çäk bölünişigini döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar çykardy.

Şoňa laýyklykda, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda döredilen täze ilatly ýere şäherçe derejesi berildi we oňa «Galkynyş» ady dakyldy. Mundan beýläk ol «Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesi» diýip atlandyrylar.

Şeýle hem Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Gulmaç geňeşligi ýatyryldy we onuň Gulmaç, Gamakly, Isgender, Ok, Öýleguşluk obalary Galkynyş şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna berildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok