Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça «Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan» görnüşindäki döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin 13-14-nji dekabrda Türkmenistanda saparda bolar. Şol bir wagtda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem Türkmenistana resmi sapar bilen geler.
Awaza milli syýahatçylyk zolagynda 3 ýurduň döwlet Baştutanlary «Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan» görnüşindäki sammite gatnaşarlar.
Sammitiň dowamynda möhüm şertnamalaryň birnäçesine gol çekilmegine garaşylýar. Şeýle hem üçtaraplaýyn duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanda energetika, ulag we daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler.
Teswirler