Ýaňy-ýakynda Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde Türkiýe Respublikasynyň Maşgala we durmuş ministrligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (UNICEF) tarapyndan “Howanyň üýtgemegi hem-de çagalaryň muňa garaýşy” atly 23-nji halkara çagalar forumy geçirildi. Bu halkara foruma ýurdumyzyň adyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň müdiriniň w.w.ý.ý. Aýjan Omarowa we institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary hünäriniň talyby, BMG-nyň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Ýaş ilçisi Ýupar Egirjäýewa dagylar gatnaşdylar.
Şeýle-de bu foruma Azerbaýjan, Albaniýa, Bolgariýa, Demirgazyk Makedoniýa, Gruziýa, Gyrgyz, Italiýa, Maldowa, Täjigistan ýaly Respublikalardan we Ukraina döwletinden ýaşlar hem gatnaşdylar.
Forumyň çäklerinde “Howanyň üýtgemegi hem-de çagalaryň muňa bolan garaýşy” atly mowzuk esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Türkiýedäki wekili Regina De DOMINICIS ýolbaşçylygynda foruma gatnaşyjylaryň arasynda maslahat geçirildi. Forumda “Sebitde howanyň üýtgemegi”, “Ýaşlaryň ekologiýa bolan garaýşy”, “Howanyň üýtgemegi we ýaşlaryň hukuklary” hem-de “Howanyň üýtgemegi we bosgunlar” atly mowzuklar barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de bellenilen mowzuklar boýunça foruma gatnaşyjylar sorag-jogap alyşdylar.
Bu foruma Watanymyzyň adyndan işjeň gatnaşan talybymyz Ýupar forum barada şeýle gürrüň berdi:
“Meniň durmuşymyň unudylmajak güni boldy! Sebäbi, men ilkinji gezek halkara derejesinde geçirilýän foruma gatnaşyp gördüm, ýaş ilçi hökmünde ilkinji tejribäm boldy. Meniň pikirimçe, ýaşlaryň global ugurlardaky pikirlerini diňlemek zerurdyr. Aýjan mugallym hem öz ylmy tejribelerini meniň bilen paýlaşdy, bilimimi baýlaşdyrmaga ýardam berdi. Ol ýerde dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan gelen ýaşlar bilen tanyşdyk, pikir alyşdyk. Hatda, olardan Täjigistandan gelen gyz bilen ýakyn jora boldyk. Daşary ýurtly myhmanlara bizden ýadygärlik hökmünde sowgatlyk alaçalary berdik. Bu foruma Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Ärdoganyň maşgalasy Emine Ärdogan ýolbaşçylyk etdi. Ol hem howanyň üýtgemeginiň we onuň täsirleriniň ähli döwletler we bütin dünýä üçin möhümdigini belläp geçdi. Ýaşlaryň bu işe işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny aýtdy.
Forumyň ahyrynda Türkiýe Respublikasynyň Maşgala we durmuş hyzmatlary ministrligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (UNICEF) tarapyndan halkara foruma işjeň gatnaşan ýaşlara sowgatlar gowşurylyp, halkara forumyň ýolbaşçylary hem-de gatnaşyjylary bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdik.”
Kadyrmyrat Öwezgylyjow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.
Teswirler