Serdar Berdimuhamedow: «Eden jenaýaty bilinmez diýip hiç kim pikir etmesin»

8-nji dekabrda, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri baradaky mesele girizildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow, Baş prokuror S.Mälikgulyýewiň hasabatyny diňläp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda döwletimiziň howpsuzlygyny, raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny korrupsiýadan gelip çykýan howplardan goramak, jemgyýetimiziň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlarynda korrupsiýanyň gutarnykly ýok edilmegini gazanmak üçin maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şol bir wagtyň özünde bu ugurdaky işleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik amala aşyrylýar. Çünki korrupsiýa döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini bökdeýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuşyna zyýan ýetirýär.

Şonuň üçin hem korrupsiýa baş goşup, döwletiň we halkyň emlägini ogurlaýan, döwletiň kanuny bähbitlerini düýpli bozýan şular ýaly parahor jenaýatkärlere kanun esasynda berk çäre görler. Olara hiç hili geçirimlilik bolmaz diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy sözüni dowam etdi. Eden jenaýaty bilinmez diýip hiç kim pikir etmesin. Bu ýagdaý hökman ýüze çykarylar we edilen etmiş üçin kanunyň öňünde jogap bermeli bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we halkyň, döwletiň emlägini ogurlamaga, haramlyk bilen gazanç etmäge hiç kimiň hakynyň ýokdugyny nygtady.

Şunuň bilen birlikde, korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryna ýardam edýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmaga, olaryň netijelerini ýok etmäge gönükdirilen anyk çäreleri kesgitlemek boýunça zerur işleri geçirmek babatda görkezme berildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok