Wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalananlar azatlykdan mahrum edildi

8-nji dekabrda, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri baradaky mesele girizildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Mejlisiň barşynda, Baş prokuror S.Mälikgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, milli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ähli ulgamlarda kanunylygyň berk we takyk berjaý edilmegine gözegçilik etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada aýdyldy.

Soňra Baş prokuror döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň galla kärhanalarynyň işi babatda geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, käbir ýolbaşçylar we işgärler wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, ýygnalan bugdaý hasylyny bikanun eýeläp, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetiripdirler.

Türkmen halky çörege aýratyn sarpa goýýar, ony mukaddeslik hasaplaýar. Şeýle-de bolsa daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen mukaddeslige hyýanat edip, jenaýata ýüz urýan adamlaryň bardygy gynançly ýagdaýdyr. Geçirilen deslapky derňew işlerinde «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Balkanabat galla önümleri kärhanasynyň direktory wezipesinde köp ýyllaryň dowamynda işlän J.Hojaýewiň wezipe ygtyýarlyklaryny gulluk bähbitleriniň garşysyna hyýanatçylykly peýdalanyp, kärhananyň däne saklaýjy bölüminiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji wezipesinde işlän E.Baýjanow bilen döwletiň emlägini ogurlamak barada deslapdan dilleşip, özleriniň jogapkärçiligindäki galla önümlerini hiç bir resminamasyz, bikanun kärhananyň degirmen bölümine geçirip, olardan un we kepek önümlerini öndürip, kärhananyň hasabyna girdeji etmän, bikanun satypdyrlar. Şeýlelikde, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetirilipdir.

Şeýle hem Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Ahalgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Bäherden galla önümleri kärhanasynyň däne saklaýjy bölüminiň müdiri wezipesinde işlän we şol bir wagtyň özünde kärhananyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiren G.Sähedow wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, bugdaýy bikanun satyp, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetiripdir. Ol özüniň eden jenaýatyny ýaşyrmak üçin emele gelen azyklyk bugdaýyň ýetmezçiligini her aýdaky hasabatynda bar diýip ýalandan görkezip, resminamalara göz-görtele galp maglumatlary girizipdir.

Maglumatlar esasynda şol adamlar wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, ynanylan emlägiň eýelenmegi, harç edilmegi ýaly agyr netijelere getiren etmişler zerarly jenaýat jogapkärçiligine çekildiler. Olar kazyýetiň hökümi bilen 12 ýyl azatlykdan mahrum edildiler. Şeýlelikde, aýyplanýanlaryň gazanan bikanun girdejileri, döwletiň emlägini eýelemekleri netijesinde ýetirilen zyýany ýerinde goýdurmak üçin olaryň haram ýol bilen gazanan serişdeleri, awtoulaglary, ýaşaýyş jaýlary gozgalmasyz edilip, döwletiň haýryna geçirildi.

Şeýle-de prokuratura edaralary tarapyndan «Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň käbir ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, para almaklary bilen baglanyşykly jenaýatçylykly etmişleri ýüze çykaryldy. Hususan-da, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işlän K.Kerimow howa gatnawlarynyň sany çäkli bolan peteklerini müşderileriň adyna berkitmäge öz gulluk ýagdaýy bilen täsirini ýetirip bilýändiginden peýdalanyp, tanyşlary A.Mommadow we Ç.Meredow bilen deslapdan dilleşip, dürli daşarky howa gatnawy boýunça her bir petegi müşderiniň adyna berkidip berendigi üçin, şeýle hem dürli raýatlardan uly möçberde uçar petekleriniň döwlet bahasynyň üstüne para alypdyr.

Mundan başga-da, K.Kerimow wezipe borçlaryna laýyklykda, uçar peteklerini satyjylar tarapyndan satuwyň düzgünleriniň berjaý etmekleri boýunça işiň talabalaýyk alnyp barylmagyna borçly adam bolandygyna garamazdan, öz işine geleňsiz garap, gözegçiligi gowşadypdyr. Şeýlelikde, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň birinji derejeli awiapetekleriň satyjysy J.Goçgorgulyýewanyň raýat T.Artyknyýazow bilen bilelikde uçar petekleriniň döwlet bahasynyň üstüne para hökmünde pul alyp, agyr jenaýatyň amala aşyrylmagyna we raýatlaryň kanuny bähbitleriniň düýpli bozulmagyna ýol berlipdir. 

Ýokarda beýan edilen maglumatlar esasynda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işlän K.Kerimow eden etmişleri üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilip, kazyýetiň hökümi bilen 13 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Uçar peteklerini satýan bölümiň birinji derejeli satyjysy J.Goçgorgulyýewa wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, aýratyn uly möçberde para alandygy üçin, jenaýat jogapkärçiligine çekilip, kazyýetiň hökümi bilen 8 ýyl 3 aý azatlykdan mahrum edildi.

Şeýle hem jenaýatçylara şärik bolan we jenaýat jogapkärçiligine çekilen raýatlar A.Mommadow we Ç.Meredow kazyýetiň hökümi bilen 12 ýyl, T.Artyknyýazow bolsa 11 ýyl azatlykdan mahrum edildiler.

Şeýlelikde, aýyplanýanlaryň jenaýatçylykly ýol bilen gazanan bikanun girdejileri, kazyýetiň hökümi bilen, ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak we bikanun baýamagyň närsesi hökmünde döwletiň haýryna geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda döwletimiziň howpsuzlygyny, raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny korrupsiýadan gelip çykýan howplardan goramak, jemgyýetimiziň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlarynda korrupsiýanyň gutarnykly ýok edilmegini gazanmak üçin maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok