«Ahal siti»-niň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

3-nji dekabrda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde iş maslahatyny geçirdi. Onda bu iri merkeziň birinji tapgyrynyň tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda geljekde ýerine ýetirilmeli öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we degişli jogapkär ýolbaşçylar çagyryldy.

Maslahatyň dowamynda Ahal welaýatynyň merkeziniň birinji tapgyrynyň gurluşygynyň jemleýji tapgyrda alnyp barylýandygy bilen baglylykda, bu ugurda guramaçylyk meselelerini hem-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde, toý-dabaralara besläp geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok